Golaýda şeýle at bilen Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynda halkymyzyň däp-dessurlaryny, maşgala hem-de zenan mertebesiniň mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrap zenanlar bölüminiň we etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu çärä etrap zenanlar bölüminiň işjeň agzalary — dürli ulgamda zähmet çekýän gelin-gyzlar we mährem eneler gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Jennet Jumaýewa, etrapdaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Sona Gurdowa, mährem ene Ogulgerek Şakulyýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda maşgala mukaddesligini gorap saklamak, köpçülik ýerlerinde gyz-gelinleriň edep-ekramyny, ahlaklylygyny, arassaçylygyny, gaýyn-gelin, ýeňňe-baldyz we eltileriň biri-birine bolan mähirli gatnaşyklaryny öwüt-ündew etmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek dogrusynda durmuş mysallary arkaly täsirli gürrüň etdiler.
Çykyşlaryň dowamynda zenan mertebesini belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler aýdyldy.
Bahargül MEJIDOWA.