Geçen hepdede Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen guralan atly sport we gözellik bäsleşikleri, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň önümçilik we ylmy edaralarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan uly topar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Özbegistan Respublikasynda geçirilen bu halkara dabaralaryna gatnaşdy.
8-nji maýda Daşkent şäherindäki “Ýangi Toshkent Conference Hall” merkezinde “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly halkara maslahat geçirildi. Merkeziň eýwanynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
9-10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent welaýatynda “Gündogaryň merjeni” ady bilen atly sport we gözellik bäsleşigi geçirildi. Saýlama ahalteke atlarynyň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Iki günläp dowam eden bäsleşikleriň birinji gününde at çapyşyklary guraldy. Şeýle hem 10-njy maýda “Gündogaryň merjeni” atly halkara bäsleşigiň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözellik boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan ahalteke atlary gatnaşdyryldy.
Eminleriň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi “Gündogaryň merjeni” atly dünýä çempionatynyň absolýut ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, Aýgytly Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy we onuň seýisine ýeňil awtoulagyň açary, kubok hem-de Hormat hatlary gowşuryldy. Gysraklaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň absolýut çempiony diýen ada Özbegistandan gatnaşan bedew mynasyp boldy. Bedewiň seýisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary, kubok we Hormat haty gowşuryldy.
Asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan türkmen we özbek halklary parahatçylyga, dost-doganlyga berk ygrarly bolupdyrlar. Häzirki wagtda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurtlarymyz bu gymmatlyklara pugta eýerýärler. Şunda parahatçylygyň özboluşly ilçileriniň — ahalteke atlarynyň aýratyn orunda bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








