Sport sagdyn durmuşyň gözbaşy bolup, ol ýaşlaryň berk bedenli, ruhubelent bolmaklaryna ýardam edýär. Mekdebimizde tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda türgenleriň onlarçasy ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar. Sport mekdebimizde agyr atletika, ýeňil atletika, woleýbol, futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, grek-rim göreşi, kýokuşinkaý karate, küşt boýunça türgenleşmäge mümkinçilikler bar. Türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda gazanýan üstünliklerem bizi guwandyrýar.
Golaýda etrabymyzdaky 1-nji we 2-nji sport mekdepleriniň agyr atletikaçylarynyň arasynda ýaryş geçirildi. Bu bäsleşigiň maksady öňde durýan has jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görmekden ybarat boldy. Bäsleşik agyr atletikaçylaryň oňa kemsiz taýýarlykly gelendiklerine şaýatlyk etdi. Örän çekeleşikli geçen bäsleşik etrabymyzyň agyr atletikaçylarynyň ýeňiji bolmaga mynasypdyklaryny äşgär etdi. Muňa garamazdan, eminleriň gelen kararyna laýyklykda 2-nji sport mekdebiniň agyr atletikaçylary ýeňiş gazandylar.
Nagmatmyrat GARAÝEW.