“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Hormatly Prezidentimiziň
tagallalary bilen ýurdumyzda
bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler bitirilýär. Sport bilen
meşgullanýan ýaşlaryň sany artyp, olar dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler.
Türgenlermiziň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna sport mekdebimiziň
mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Sportuň
agyr atletika görnüşi ýaşlaryň arasynda has meşhurlyga eýe bolup, türgenlerimiz
uly üstünlikleri gazanýarlar.
Golaýda sport mekdebimizde geçirlen ýaryşam türgenlerimiziň ýeňişli menzillerini ýene bir gezek subut etdi. Sport mekdebimizde agyr atletika boýunça welaýatymyzyň birinjiligini almak boýunça çempionat ýaryşy geçirildi.Ýaryşda toparlaryň 5-si gatnaşyp, agyr atletikaçylar özara güýç synanyşdylar. Gyzykly geçen ýaryşda Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň türgenleri 1-nji, Biziň mekdebimiziň türgenleri 2-nji orna mynasyp boldular. 3-nji orna bolsa etrabymyzdaky 1-nji sport mekdebiniň türgenleri mynasyp boldular. Toparymyzyň ýeňiş gazanan ezber türgenleri Bakyýew Aýmyrat, Mommykow Arslan, Buljyýew Döwletgeldi saldamly goşantlaryny goşdular. Bu çempionat türgenler üçin öňde goýan arzuwlaryna ýetmek üçin uly synag boldy.
Taýýarlan: Buljyýew Döwletgeldi. Sakarçäge etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň 2-nji sport mekdebiniň sportuň agyr atletika görnüşi boýunça tälimçi mugallymy.