Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän nesil hakda ähli tagallalary edýär. Ýaş nesle terbiýe bermek maşgaladan gözbaş alyp, ilki çagalar baglarynda, soňra orta mekdeplerde dowam etdirilýär. Nesil terbiýesiniň düýbi çagalar baglarynda tutulyp, olarda körpe nesle terbiýe we bilim bermekde uly işler bitirilýär.
Mary şäherindäki rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynda körpe nesle terbiýe we bilim bermekde netijeli işler alnyp barylýar. Çagalar bagynyň müdiri Tawus Annamämmedowa körpeleriň gowy terbiýe, kemsiz bilim almagy ugrunda yzygiderli alada edýär. Körpeleriň mähir bilen gurşalyp alynmagy, olaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri ugrunda degerli işleri ýola goýýar. Terbiýeçileriň öz işlerine jogapkärli çemeleşmeklerini talaba laýyk guraýar. Şeýle talaba eýerýän terbiýeçileriň birem Güljahan Muhammetdurdyýewa bolup, ol oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň wagtlaryny hoş geçirmek üçin ukyp-başarnygyny, yhlasyny gaýgyrmaýar. Çärýek asyra golaý baý iş tejribäni arka atan halypa terbiýeçi öz işiniň abyny-tabyny ykjam ele alansoň, ol çagalara terbiýe bermekde-de, ylym-bilime tarap ilkinji ädimleriniň şowly bolmagynda-da yhlasly zähmet çekýär.
—Çagalar bagymyzda körpelere terbiýe we bilim bermäge ähli mümkinçilikler döredilen. Terbiýeçilerimiz şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Talaba laýyk naharlanyp, gowy dynç almaklaryny üpjün edýärler — diýip, çagalar bagynyň müdiri Tawus Annamämmedowa gürrüň berýär.
Halypa terbiýeçi G.Muhammetdurdyýewa çagalara türkmen halk ertekilerini aýdyp berip, olaryň gahrymanlarynyň üsti bilen körpelerde ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirmäge çalyşýar. Şol ertekiler esasynda çagalaryň özleriniň gatnaşmaklarynda guraýan gysgajyk sahnalary olarda uly gyzyklanma döredýär. Olara okamagy, ýazmagy, goşup-aýyrmagy öwredýär. Aýdym aýdyp, goşgulary ýat tutmak we labyzly okamak endiklerini terbiýeleýär.
Işine ezber terbiýeçi Güljahan Muhammetdurdyýewa kärdeşleri bilen öz iş ornunda döredijilikli zähmet çekip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýär. Yhlasly zähmet bolsa, hemişe ýeňşe ýetirýär. Çagalar bagynyň terbiýeçileri şu günki terbiýeleýän körpeleriniň ajap eýýamymyzyň mynasyp nesli bolup ýetişmelidiginden ugur alýarlar. Ylymly-bilimli, edep-terbiýeli ýaş neslimiz bolsa, bagtyýarlygymyzyň kepilidir.
Baýram AMANOW.