Adam jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygydyr. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň esasy maksady ynsan saglygyny goramakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler, gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk üçin edýän bimöçber tagallalarynyň miwesidir.
“Donor” latyn sözi bolup, ol “Gan tabşyrýan adam öz ganyny sowgat edýär” diýen many aňladýar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň 2005-nji ýylyň maý aýynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiren 55-nji sessiýasy 14-nji iýuny — gan toparyny açan lukman K.Landşteýneriň doglan gününi Bütindünýä donorlar güni diýip tassyklady. Şondan bäri her ýylyň 14-nji iýunynda dünýä ýüzünde, şol sanda, Türkmenistanda hem Bütindünýä donorlar güni bellenilip geçilýär.
Ata-babalarymyzyň ýaşan döwründe-de gan ýaşaýyş güýjüniň çeşmesi hasaplanypdyr. Berilýän ganyň kömegi bilen agyr kesellerden saplanmagyň ýollary tapylypdyr. Gan bejeriş serişdesi hökmünde ulanylypdyr. Ynsan saglygynyň hatyrasyna gan tabşyrmagyň ynsanperwer manysy bar. Donorlar güni mynasybetli welaýat gan bankynyň işgärleri “Ynsanperwerligiň bir damjasy, gan tabşyryň, ömürleri halas ediň!” atly şygar esasynda meýletin gan tabşyrmak işlerine işjeň gatnaşýarlar.
Ganyň bedeniň kesellemeginiň, ýürek-damar keselleriniň, iýmit siňdiriş işiniň bozulmagynyň öňüni almakda, bedende ganyň öz-özünden täzeden döremeginde uly ähmiýetiniň bardygy tassyklanyldy. Donor gan tabşyrandan soňra, beden ony täzeden dikeldip başlaýar.
Donoryň gany näsag adamlary bejermek üçin ornuny çalşyp bolmajak bejeriş serişdesidir. Belli bir ýagdaýlarda gymmat bahaly enjamlaryň we derman serişdeleriniň bardygyna garamazdan, näsagyň janyny diňe ganyň goýberilmegi halas edip biler. Hut şonuň üçinem her gün diýen ýaly adamlaryň ençemesi janynyň halas edilendigi üçin donorlara sagbolsun aýdýarlar.
Halkymyzyň saglygyny goramakda, agzybirligini pugtalandyrmakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.
Çeper ANNADURDYÝEWA.








