Her ýylyň 1-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda geçirilen dabaralar hem ýokary ruhubelentlige beslenip, ol welaýatyň bagtyýar çagalarynda şatlykly duýgulary döretdi. Mary welaýat we Mary şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim hem-de Medeniýet müdirlikleriniň bilelikde gurnamaklarynda Mary şäherindäki “Bagtyýarlyk” seýilgähinde geçirilen dabara hem baýramçylyk gününde çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň tomus paslynyň ilkinji gününde geçirilen bu günki baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleri, mekdep okuwçylary hem-de welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň aýdym-saz toparlary bagy-bossanlyga bürenip şähere görk berip oturan döwrebap seýilgähe toý ýörişi bilen geldiler. Seýilgähiň dabaralar merkeziniň çaga dünýäsine mahsus owadan bezelen sahnasynda bu günki çagalaryň baýramy mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde welaýatyň etrapdyr-şäherleriniň çagalar sungat mekdepleriniň aýdym-saz, tans toparlary, şeýle hem çagalar baglarynda terbiýelenýän bagtyýar körpeleri döwrebap aýdym-sazly çykyşlaryny uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Asuda, parahat ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda erkana ösüp ulalýan bagtyýar çagalaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Watanmyzyň ösüşlerini, bagtly çagalygy, tebigat gözelliklerini hem-de tomus paslynyň şatlykly pursatlaryny wasp edip ýerine ýetiren göwün göteriji çykyşlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşy alyndy. Şatlyk-şowhuna beslenen bu dabaranyň dowamynda çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň çeper höwesjeňleriniň hem-de ýaş zehinli sazandalaryň dürli saz gurallarynda çalan hoş owazly nagmalary hem dabara aýratyn şowhun berip çagalaryň ýüreklerini galkyndyrdy. Ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesilleriň durmuşynda ýatda galyjy günleriň biri boljak bu günki baýramçylyk gününde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Mary şäher geňeşleriniň gurnamaklarynda “Bagt köşgi” dabaralar merkezinde hem-de welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinde, seýilgählerde, çagalar üçin niýetlenilen medeni-dynç alyş merkezlerinde geçirilen baýramçylyk dabaralary hem turuwbaşdan ruhy galkynyşa baý boldy. Dabaralaryň dowamynda sungata höwesek çagalar özleriniň döredijilik älemindäki ussatlyklaryny görkezip ýerine ýetiren aýdymdyr tanslary, dürli saz gurallarynda ýerine ýetiren şirin owazlary we çaga dünýäsine mahsus degişme sahnalary baýramçylyk çäresine gatnaşan bagtyýar körpeleriň şatlygyna şatlyk goşdy. Dabaralaryň geçirilýän ýerinde ýaş suratkeşleriň tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny şöhlelendirýän surat eserlerinden giň sergileriň guralmagam dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy. Watanymyzyň gelejegi hasaplanýan ýaş nesilleriň dünýä derejesinde ylym, bilim, terbiýe almaklary, erkana ösüp ulalmaklary ugrunda ýurdumyzda toplumlaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şeýle bolansoň bu günki baýramçylyk gününde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar oýnap-gülýän çagalaryň ýüz gözlerindäki şatlyk alamatlary olaryň asuda, erkana Watanymyza, mukaddes topragymyza, Hormatly Prezidentimize bolan buýsançlaryny aýdyňlygy bilen görkezdi. Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilen bu günki dabara gatnaşan bagtyýar çagalar özlerine döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Baş Bilim müdirlikleriniň gurnamaklarynda welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirlen baýramçylyk çäresi hem çaga dünýäsine mahsus şatlyk-şowhuna beslendi. Bu dabara welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim ulgamlarynyň we çagalar öýüniň işgärleri gatnaşdylar. Dabaradaky çykyşlarda çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli gutlaglar aýdylyp, ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleri we olaryň saglyklaryny goramak barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasy welaýat çagalar öýünde uly mähir we alada bilen gurşalýan körpeleriň we çagalaryň çaga kalplaryndan joşup çykýan çykyşlaryna beslendi. Şadyýan aýdymlarda we tanslarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrümiziň gül – gunçalary bolan çagalaryň bagtly geljegi hakynda edýän aladalary, bagtyýar çagalyk we çagalary goramagyň halkara güni giňden wasp edildi. Bagtyýar çagalaryň ajaýyp döwrümize mahsus ýerine ýetiren göwün göteriji çykyşlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşy alyndy. Çagalary goramagyň Halkara gününde gymmat bahaly sowgatlary ellerine alan bagtyýar körpeler özleri barada uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Dursun Ilbegiýewa.








