Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyz guwançly sepgitleri, taryhy wakalary bilen şan-şöhrata beslenýär. Toýlary-toýlara ulaşýan Diýarymyzda ýene bir şanly senä — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň döredilen gününiň 35 ýyllygyna taýýarlyk görülýär. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygynyň aýdyň ýoluna düşeninden sähelçe wagtdan soň ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňdebaryjylarynyň gatnaşmagynda 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda TMÝG-niň döredijilik Gurultaýy geçirilip, guramamyz döredildi we onuň Tertipnamasy kabul edildi.
Bu taryhy waka Garaşsyz döwletimiziň ýaşlary üçin möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýlelikde, geçen 35 ýylyň içinde guramamyz Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşantly gurama öwrüldi. Şu döwürde geçirilen gurultaýlarda kabul edilen Maksatnamalarda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyryldy. Guramamyzyň maksady hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden, ýaşlary watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, halallygyň ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Türkmen ýaşlarynda ýokary ahlaklylygy, milli mirasymyza we däp-dessurlarymyza söýgini, olary aýawly goramagy, bedenterbiýä we sporta söýgini terbiýelemek hem guramamyzyň möhüm wezipeleri bolup durýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň döredijilige, medeniýete we sungata höwesini ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Abadan geljegimiziň eýeleri boljak ýaşlaryň ylym-bilimli, sagdyn bedenli, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri bilen bagly tagallalara-da uly üns berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan gülläp ösmeginiň hatyrasyna tutanýerli zähmet çekýärler. Ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmäge çalyşýarlar. Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda biz, ýaşlar barada şeýle ýazýar: “Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr”. Munuň özi ýaş neslimize örän uly ynamdyr. Ýaşlarymyz eziz Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalşyp, okap bilim almakda-da, hünär öwrenmekde-de, önümçilikde döredijilikli zähmet çekmekde-de uly üstünliklere eýe bolýarlar.
Türkmen ýaşlary üçin guwançly sene bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň döredilen gününiň 35 ýyllygy ýetip gelýär. Bu sene Mary şäher guramamyzyň ýaşlarynda-da ýokary ruhubelentligi döredip, täze sepgitlere galkyndyrýar. Biz, ýaşlara okap bilim almaga, hünär öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Resul BAÝRAMOW.








