Türkmeniň tohum atam edil özi ýaly namysjaň-da. Aýlawda yza galan çyn bedewiň namys edip iki ýaňagyndan syrykdyryp aglaýşyny gördüňizmi?! Şahyr ýürek bolsaň, özüňem aglatjak şol-a...
... Bir atçapar tälkewlik tapyp, aýlawda yza galan atynyň göwnüni götermek üçin, atyny idip, arkasyna haly ýapyp, “Baýrak gutly bolsun!” diýdirip, öýüne ýönelýär. Şol mahalam aty çykan ýeser çapyksuwar, at münüp, atam gomlap gelşine: “Ýer-ow, azaby reýgan, aty aldajak bolýarmyň?” diýip, gyjyt berýär. Eýesiniň ýüzüni sallap, baş ýaýkap, ahmyr çekişini gören at asmana bakyp bir nagra tartandyr-ow. Düşünseň iniň düýrügip, depe saçyň dim-dik bolýar. Geçip barýan garry seýis: “Häý, injigi inçe peläket, at çapman bagt çapýanyny bilmez belaket! Dilsiz-agyzsyz ata gyjalatyň nebela! Gyjyt berýäniň, minnet edýäniň göz göräýmesinden gorkmadyňmy?!” diýip, şu rowaýaty aýdyp beripdi...
... “Ir zamanlarda «Bermezek taňrydan, irmezek awçy” diýýän bir azaballa “Ýatana berseň bize ber” diýýän ýalta bilen ekin goňşusy bolýar. Harman atymda janypkeş-ä alaň ýaly çäç alýar, ýaltada hakgulladan artdyryp, zordan ýylalapasyny alýar. Şonda-da, ol hasylyň kemligini özünden görmän: “Bugdaý başa duranda, bar guşy men tarapa kowdy” diýip goňşusyndan göwnigaramyş.
lne, günleriň bir güni baharyň başynda ýygyn tartyp ýörişe çykan agyr goşun müňbaşylaryň günäsi bilen jepakeşiň ekin ýerinden ýol salýar. Maýsalar at toýnagynyň astynda tozýar. Azaballanyň agyr gününe göhi gelip guşy uçan görip: “Döwletliniň ýerinden ýap, bidöwletiň ýerinden ýol düşer” diýleni bolupdyr-da. Gaýrat et, bu ýyl azabyň reýganmyşyn-da” diýip gyjalat berip turuberýär. Janypkeşem: “Soltanyma gerek bolsa ol-a bir atyz bugdaý eken, gara başym gurban bolsun” diýip, azaldyr kündesini indiki ekine taýýarlaberýär.
Aradan birnäçe gün geçensoň, “Ýeserdir Ülkeriň oýny” diýdirip, güwläp-şaglap gelen ak çabga düşýär gara dagyň gerşine. Ýüzugruna-da ak garlary ýygyp-düýrüp däli sile öwrülýär. Gelşine-de, hälki gyjyt berýäniň ýerini aran-jaran edip taşlaýar. Ykbalyň aýlawyna aňk bolan ýalta: “Wa-ah, işimi gören gyjalat, başymdan inen kesapat” diýip, ahmyr çekişine, pyşdyl ýörişini edip, goňşusyndan ekinýarpasyna ýer dilemäge ugranmyş...
...Goňşusy: «Ýalňyşana gyjalat, mätäje minnet etmek türkmene gelişmez, ogul” diýdi welin, gyjalatçy kişi kärdeşine el uzatdy.
Taýýarlan
Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.








