Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýaş nesilleri watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, sagdyn bedenli, ruhubelent edip ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr. Ylym-bilim ulgamyndaky ösüşler, özgertmeler bu ugurda zähmet çekýän bilim işgärleriniň ählisini buýsandyrýar. Şeýle ajaýyp zamanamyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy ugrunda institutymyzda-da uly işler alnyp barylýar.
Bagtyýar ýaşlaryň höwesli okap, zehinini has-da artdyrmak maksady bilen institutymyzda yzygiderli geçirilýän dabaraly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, dürli bäsleşikler, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, sport ýaryşlary uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle-de, mugallymlaryň dürli temalar boýunça geçirýän nusgalyk we açyk sapaklary talyplaryň ylym-bilim babatynda kämilleşmegine öz täsirini ýetirýär. Mundan başga-da, talyp ýaşlaryň okuwdan boş wagtlary sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmagy hem-de kitaphanamyzdaky çeper eserleri okamagy bizi, diýseň, guwandyrýar. Bu zatlaryň hemmesi ýaşlaryň kämil derejede ylym-bilim almagyna ýardam edýär.
Ýaşlaryň geljegi üçin edilýän aladalaryň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri dur. Ýurdumyzda ýaş nesliň kemala gelip, ylymly, bilimli bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Altymyrat AGAJANOW.








