Köçämizi şowhun gurşap alardy,
Göründigi goş-golamly araba.
“Ana, Tahyr aga, letdeçi gelýär”,
Begenip ylgardyk sese-habara.
Etli-ganly daýaw pyýadaň sesi,
Toýhana öwrerdi töweregmizi:
“Sakgyç bar, gopuz bar hemem jürlewük”,
Pul sorap, idärdik enelermizi.
Munda köp alanam, az zat alanam,
Agzybirje bolup paýlaşylardy.
Biri sakgyç bölüp berer beýlekä,
Biri tüýdük bilen şar çalyşardy.
Çagalar nähili mähribandylar,
Wah, ol çagalygym gelsedi birdem.
Çarhypelek munda öwrüp çarhyny,
Eger Tahyr aga geläýse birden...
Onda hökman, hökman, ol gelýär diýip,
Kölgeledip göze eljagazyny.
Çykardy bir ýerden enem janym meň,
Elinde gysymlap puljagazyny.
Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA








