Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň hormatyna hem-de hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen tassyklanan «2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginden ugur alnyp, «Amul – Hazar» diýen at bilen geçirilýän atly ýörişe gatnaşyjylar Mary welaýatynda myhmançylykda bolmak bilen, welaýatyň gözel künjekleri hem-de «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki ýadygärlikler bilen ýakyndan tanyşdylar. Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny belende galdyrmakda uly taryhy ähmiýete eýe bolan «Amul – Hazar» atly ýörişi ýokary ruhubelentlige beslenýär. Uly söýgi we mähir bilen ýetişdirilýän behişdi bedewlerimiz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde toý-baýramlaryň hem bezegine öwrülýär.
Milletimiziň baý medeni mirasy hökmünde ykrar edilen atçylyk sungatynyň, atşynaslygyň milli däplerini aýawly saklamak, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýüzüne ýaýmakda möhüm ädimler ädilýär. Dessanlarda waspy ýetirilýän «asman atlary» diýlip atlandyrylýan ahalteke atlarymyz özleriniň ýyndamlygy, başarnygy bilen uly meşhurlyga eýe bolup, dilden-dile geçip, täze eýýamyň Galkynyşy döwründe olaryň şan-şöhraty äleme dolýar. Halkymyzyň geçmiş taryhyna syn etseň, uçar ganatly ahalteke bedewlerini ýetişdirmegiň baý tejribesiniň kemala gelendigini görmek bolýar. Bedewler bilen baglanyşykly halk arasyndaky ganatly jümleler, parasatly sözler, nakyllar asyrlar aşyp, täze taryhy eýýamda täze öwüşgüne eýe bolýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ahalteke bedewleriniň abraýynyň we şöhratynyň belende galmagy, pederlerimiziň deňsiz-taýsyz atçylyk sungatynyň dünýä ýüzünde wagyz edilmegi ugrunda yzygiderli aladalar edýärler. Ýurdumyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler, dünýä nusgalyk beýik ösüşler bedew bady bilen deňeşdirilýär. Şu şanly ýylymyzyň bedew bady bilen baglanyşdyrylmagynda hem uly many-mazmun bar. Munuň şeýledigine «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň hormatyna hem-de hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen tassyklanan «2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginden ugur alnyp geçirilýän «Amul – Hazar» atly ýörişiniň dowamynda guralýan toý dabaralaryndan hem görmek bolýar.
Türkmen sährasynyň jana şypaly howasyndan dem alyp, ahalteke bedewlerine atlanyp, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň hersinden gatnaşýan ussat çapyksuwarlara giň sährada otlap ýören düýe sürüleriniň gabat gelmegi, gözel tebigatyň köpdürli ösümlikleri we täsinlikleri olaryň göwün guşlaryny ganatlandyrdy. Taryhy köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan Gadymy Merwiň özboluşly binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan ýadygärlikleriniň we galalarynyň uzaklardan görünmegi türkmen sährasynyň seleňläp oturan ösümlikler dünýäsini höwes bilen synlap, bedewlerine ganat baglaýan merdana ýigitleriň buýsanjyny has-da belende göterdi. Olar bu ýerleriň öz döwründe ekerançylygyň, zergärçiligiň, medeniýetiň we sungatyň ösen ojagy bolandygynyň şaýady boldular.
Goraghananyň çägine aralaşan ýigitler atlarynyň jylawyny esasy ýadygärlikleriň biri bolan Soltan Sanjaryň kümmetine tarap öwürdiler. Taryhy çeşmelere görä, Soltan Sanjaryň kümmeti galalaryň merkezinde ýerleşip, Gündogaryň gözel binalarynyň biri bolmak bilen, medeniýetiň ösen mekany hasaplanypdyr. Atly ýörişe gatnaşýan merdana ýigitleri bu ýerde teatr artistleri gadymy döwürlerde bu toprakda ýaşap geçen belli taryhy şahsyýetleriň, alymlaryň, ulamalaryň keşplerini janlandyryp ýerine ýetiren edebi-sazly çykyşlary bilen garşy aldylar. Soltan Sanjaryň kümmetine ýanaşyk giň meýdançada ak öýler dikilip, medeni mirasymyzy, taryhy gymmatlyklarymyzy, atçylyk sungatyna degişli eserleri, at esbaplaryny giňden beýan edýän sergiler hem guraldy.
Bu taryhy ýadygärlik bilen tanyşan atly ýigitler soňra goraghananyň beýleki ýadygärlikler toplumlaryna syýahat etmek maksady bilen ýola düşdüler. Özüniň täsinligi, özboluşly binagärlik keşbi bilen görenleri haýrana goýýan bu ýadygärlikler Gadymy Merwiň şöhratly we ýowuz günleriniň şaýady bolup, asyl durkuny biziň günlerimize çenli saklap gelen ýadygärliklerdir. Gadymy toprakda umumadamzat ylmyna uly goşant goşan ylym-bilim ojaklarynyň bolandygy ýazuw çeşmelerinde ýatlanylýar. Merw ýadygärlikleri türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, dünýä medeniýetiniň hem genji-hazynasydyr. Munuň şeýledigini bu ýadygärlikleriň Dünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem doly derejede tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan ýadygärliklerimizi ylmy taýdan giňişleýin öwrenmekde, olary gorap saklamakda uly işler amala aşyrylýar. Geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda köp sanly taryhy gymmatlyklar ýüze çykarylýar. Milli hem-de taryhy gymmatlyklarymyzy halk köpçüligine ýetirmek, muzeý hazynalaryny has-da baýlaşdyrmak boýunça hem uly mümkinçilikler döredilýär. «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki gadymy galalar, ýadygärlikler toplumlary «Amul – Hazar» atly ýörişine gatnaşýan ýigitleriň halkymyzyň şöhratly taryhyna, medeni mirasyna we olary aýawly saklamakda, täzeden dikeltmekde alnyp barylýan işlere bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Soňra ady rowaýata öwrülen gamyşgulak bedewlere atlanan türgenler ýene-de ýollaryny dowam etdirdiler. Ýoluňyz ak bolsun, «Amul – Hazar» atly ýörişine gatnaşýan ussat türgenler!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmakda amala aşyrylýan işler halkymyzyň uçar ganatly bedewlerimize bolan buýsanjyny has-da belende göterýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň hormatyna hem-de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginden ugur alnyp geçirilýän «Amul – Hazar» atly ýörişi hem ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biridir. Dabaraly ýörişe gatnaşýan türgenleriň sähra ýollaryny söküp, Hanhowuz suw howdanyna gelmekleri hem şatlykly we täsirli wakalara baý boldy.
Şu şanly ýylymyzda ýokary derejede uzak aralyga guralan atly ýöriş şan-şöhrata beslenip, giň sähralykdaky geçilýän ýoluň her bir täsirli pursaty ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Arkadag we Aşgabat şäherlerinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan gatnaşýan türgenleriň otuz bäşisi sähra ýollarynyň ymgyr çägeli ýollaryny behişdi bedewlerimize atlanyp geçmek bilen, ahalteke atlarymyzyň çydamlylygyny, başarnyklaryny dünýä äşgär edýär. Türkmen sährasynyň güýz paslyna mahsus owadan görnüşleri, jana şypa berýän arassa sähra howasy atly ýigitleriň göwünlerini joşduryp, olaryň uzak menzilli ýollary ýadawsyz geçmegine ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda atçylyk pudagyny, şol sanda atly sporty ýokary derejelere ýetirmek, behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde uly işler amala aşyrylýar. Ata-babalarymyzyň bize miras goýan atşynaslyk, seýisçilik sungatyna täze öwüşgin berilýär. Täze taryhy eýýamda halkymyzyň şan-şöhraty we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiz ýyndamlygyň özboluşly senasyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» we «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp eserlerinde hem ahalteke bedewlerimiziň akylly gylyk-häsiýetleri, ýyndamlygy we owadanlygy ýokary derejede wasp edilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda döredip berýän mümkinçilikleri bolsa halkymyzyň behişdi bedewlerimize bolan buýsanjyny hem söýgüsini has-da artdyrýar.
Täze taryhy eýýamda ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiz uly meşhurlyga eýe bolup, olaryň at-owazasy dünýä dolýar. Ähli welaýatlarda dünýä talaplaryna laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça gözel paýtagtymyzda geçirilen V Aziýa oýunlary mynasybetli on ýedi türgeniň gatnaşmagynda atly ýörişiň guralmagy, şeýle hem tohum atlaryň arasynda gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalyna gatnaşyp, altyn baýraklara mynasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şu şanly ýylymyzda uly bir taryhy waka bolan «Amul – Hazar» atly ýörişi ata-babalarymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen geçen ýollaryndan ynamly menzilleri nazarlap öňe barýar. Atly ýörişe gatnaşýan ýigitler ýurdumyzda iň iri suw howdanlarynyň biri bolan Hanhowuz suw howdanyna bardylar. Howdanyň kenaryndan barýan atly ýigitler uzaklara uzap gidýän suw giňişligini synlamak bilen, bu howdanyň balyk gorlaryny artdyrmakda, suwy tygşytly ulanmakda we oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmekde uly ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirdiler. Olar bu ýerde balykçylar topary bilen duşuşyp, ussat balykçylaryň balyk awlamakda alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyş boldular. Uzak ýollardan aryp gelip, howdanyň golaýynda gurlan ak öýleriň töweregindäki tapçanlarda ornaşan merdana ýigitlere çaý-çörek we balykdan bişirilen dürli görnüşli tagamlaryň hödür edilmegi bolsa halkymyzyň myhmansöýerlik däpleriniň aýdyň nyşany boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň hormatyna hem-de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginden ugur alnyp geçirilýän «Amul – Hazar» atly ýörişine gatnaşýan merdana türgenler soňra ýollaryny dowam etdirdiler. Gadamlaryňyz batly, ýollaryňyz ak bolsun, atly ýörişe gatnaşýan merdana türgenler!
Çarymuhammet SAPAROW.








