«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda owadanlykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän «Amul – Hazar» atly ýörişi ýokary ruhubelentlige beslenip, üstünlikli dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginden ugur alnyp geçirilýän hem-de Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän gadymy Amul galasyndan badalga alan «Amul – Hazar» atly ýörişine gatnaşyjylar gözel tebigatly türkmen sährasynyň üsti bilen Mary welaýatyna geldiler. Bedew atlara atlanan türgenler gadymy Mary topragynda ata-babalarymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda uly toý şatlygy bilen garşylandy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda atçylyk pudagyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, at çapmagyň milli däplerini dünýä ýaýmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şu şanly ýylymyzda ahalteke bedewlerine bolan ählihalk söýgüsiniň nyşany hökmünde geçirilýän «Amul – Hazar» atly ýörişi taryhy ähmiýetli waka bolmak bilen, ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýüzüne ýaýyp, halkymyzyň buýsanjyny we guwanjyny has-da belende göterýär. Munuň özi diňe bir ýurdumyzda däl, tutuş dünýäniň bedew janköýerlerinde hem uly gyzyklanma döredýär.
Ahalteke bedewleriniň hakyky janköýerleri bolan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde täze taryhy döwürde arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, at çapmagyň milli däplerini ýaýmak we sportuň atçylyk görnüşini ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ähli welaýatlarda dünýä talaplaryna laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça gözel paýtagtymyzda geçirilen V Aziýa oýunlary mynasybetli on ýedi türgeniň gatnaşmagynda atly ýörişiň guralmagy, şeýle hem tohum atlaryň arasynda gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalyna gatnaşyp, altyn baýraklara mynasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä äşgär edýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň hormatyna hem-de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginden ugur alnyp geçirilýän «Amul – Hazar» atly ýörişiniň uly taryhy ähmiýeti bar. Türkmen sährasyndan ynamly menzillere gadam urup barýan gamyşgulak bedewlerimiz bu ýörişiň dowamynda özleriniň gaýduwsyzlygyny, çydamlylygyny we erjelligini görkezýärler. Uçar ganatly bedewlere atlanyp, sähra ýollaryny külterläp barýan türgenleriň bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyza, ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolan gözel tebigatymyza buýsanjy has-da artýar.
Il içinde ahalteke bedewleri ynsanyň syrdaşy, wepaly dosty hasaplanylýar. Behişdi bedewlerimiz taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmen atşynaslary we seýisleri müňýyllyklaryň dowamynda gözellikde deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir we söýgi bilen ösdürip ýetişdirip, özleriniň at seýislemekdäki nusgalyk tejribelerini ýaş nesillerimize miras goýupdyrlar. Olaryň sogaply işleriniň dowamaty bolsa täze taryhy eýýamda täze öwüşgine eýe bolýar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän gadymy Amul galasyndan badalga alan hem-de ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu «Amul – Hazar» atly ýörişine gatnaşyjylaryň gözel sähralyklary we uzak ýollary yzda goýup, Mary welaýatynyň çägine gelmekleri mynasybetli medeni çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň hersinden gatnaşýan ussat çapyksuwarlaryň Mary welaýatynyň çägindäki giň sähralyga we milli öwüşgin bilen bezelen ak öýli oba gelendigini ilki bilen bagtyýar çagalar buşladylar. Bu ýerde «Amul – Hazar» atly ýörişine gatnaşýan türgenler welaýatyň ýaşuly nesilleri we bagtyýar ýaşaýjylary tarapyndan uly toý şatlygy bilen garşylandy. Myhmanlara milli däplerimize eýerilip, duz-çörek hödür edildi.
Giň gerimde tutulan toý çäresinde altyn güýzüň hoştap howasynda ýaňlanan aýdym-sazlaryň şirin owazlary gözel tebigatly türkmen sährasynda göwünlere ylham paýlap, alyslara ýaň saldy. Merdana ýigitleriň welaýatyň çägine gelmegi mynasybetli we ata-babalarymyzyň «At agynan ýerde toý bolarmyş» diýşi ýaly, bu ýerde ýörişe gatnaşýan ahalteke bedewleriniň biriniň arassa çägede agnamagy bilen tutumly toýuň şatlyk-şowhuny has-da artdy. Millilik bilen bezelen ak öýli oba hataryny, sähralykdaky çopan goşuny, bu ýerde gurlan guýyny, agyldaky goýun sürülerini, agaýana gezip ýören düýeleri synlan atly ýigitler ata-babalarymyzyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän çarwadarçylyk we çopançylyk däpleriniň aýratynlyklaryna göz ýetirdiler.
Gyzlaryň kakýan ajaýyp läleleri, gelin-gyzlaryň ümä üýşüp ýerine ýetirýän ene-mamalarymyzdan miras galan milli el hünärleri, dutarçy bagşy-sazandalaryň, depçileriň, tüýdükçileriň, gopuzçylaryň ýerine ýetirýän sazlaşykly mukamlary dabaraly çärä aýratyn öwüşgin çaýyp, atly ýörişe gatnaşýan gerçek ýigitleriň göwünlerini galkyndyrdy. Olar bu ýerde guralan muzeý gymmatlyklaryny, amaly-haşam sungatyny giňden beýan edýän hem-de milli şaý-seplerimizden taýýarlanan sergileri uly höwes bilen synladylar. Dabaranyň geçýän ýerinde «Gündogar bazarynyň» şöhlelendirilmegi gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen söwda gatnaşyklarynyň bolandygyny aýdyňlygy bilen görkezip, bu pursatlar atly ýörişe gatnaşýan ýigitlerde uly täsir galdyrdy. Çar ýanda toý gazanlarynyň atarylyp, milli tagamlaryň bişirilip, myhmanlara hödür edilmegi bolsa halkymyzyň myhmansöýerlik däpleriniň has-da rowaçlanýandygyny, myhmana goýýan hormat-sarpasynyň çäksizdigini görkezdi.
Çäräniň geçýän ýerinde welaýatyň sport ulgamynyň türgenleriniň milli göreş, ýaglyga towusmak, ýüp çekmek we sportuň beýleki birnäçe milli görnüşleri boýunça geçiren ýaryşlaryna, görkezme çykyşlaryna merdana ýigitler uly höwes bilen tomaşa etdiler. Toý çäresinde körpe nesilleriň oba durmuşyna mahsus bolan wepaly hem gaýduwsyz türkmen alabaýlary bilen gyzykly oýunlary oýnaýan pursatlaryny synladylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň hormatyna hem-de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginden ugur alnyp geçirilýän «Amul – Hazar» atly ýörişine gatnaşyjylar welaýatyň çäginde geçirilen dabaraly toý çäresinden ruhy lezzet alyp, ýene-de ýollaryny dowam etdirdiler. Uzak menzilli ýollaryňyz rowaç bolsun, atly ýörişe gatnaşýan merdana ussat türgenler!
Çarymuhammet SAPAROW.








