Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny goramakda we berkitmekde tutumly işlere badalga berýär. Ilaty bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmek halkymyzyň saglygyny goramakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sporty ösdürmekdäki başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň sport syýasatynyň çärelerinde türkmen sportuny ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär.
Garaşsyz döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi halkyň saglygyny goramakda we berkitmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Şol bir wagtda bu ulgamda ýetilýän belent sepgitler jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmakda-da gowy netijesini berýär. Ýurdumyzyň sport ulgamynyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi onuň ösüşiniň rowaçlanmagyna kuwwatly itergi berýär. Türgenlerimiz dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda şowly çykyş edip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara sport abraýynyň täze belentliklere çykmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Sporty ösdürmekde Türkmenistan döwletimiziň öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar we gyzyklanma döredýär. Mysal üçin, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy bilen 3-nji iýun “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edildi. Şonuň ýaly-da, 2024-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi we resminama Milletler Bileleşigine agza döwletler tarapyndan gyzgyn goldanyldy.
Muhammettöre ATAKOW.








