Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Her bir günümiz toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Ynha, şu günler hem 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan maslahat duşuşygy geçirildi.
«Bedew batly Watanymyz – milli gymmatlyklaryň sarpasy» atly maslahat duşuşygyna Mary welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, bilim, saglyk, medeniýet müdirlikleriniň Mary welaýat, şäher, etrap guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarynyň çäksizdigini beýan etdiler.
Suwhan Kulyýew.








