Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün türkmen döwletiniň at-abraýy barha beýgelýär. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy ýokarlanýar. Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde telekeçilige uly orun degişlidir. Türkmen telekeçileri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başlanyp, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen badalga berilýän tutumly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Soňky ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilýär. Döwlet derejesinde döredilýän bu mümkinçilikler telekeçilerimizi netijeli işlemäge ruhlandyrýar.
Zähmetsöýer telekeçi Myrat Durdyýewe degişli bolan “Arzuw haly” haryt nyşanly haly we palas önümçilik kärhanasynda-da netijeli işler bitirilýär. Has takygy, “Arzuw haly” önümçilik kärhanasynda daşary ýurtly öndürijileriň iň täze tehnologiýalary — haly dokaýjy we sapak saraýjy enjamlary ornaşdyrylyp, önümçilik awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Bu ýerde dokalýan halylaryň çig maly Eýran we Türkiýe döwletlerinden getirilýär. Halylar dokalmazdan öň sapak saraýjy enjamlaryň üsti bilen sapaklar gözden geçirilýär. Soňra haly dokaýjy enjama taýýar sapaklar goýulýar hem-de haly we palas önümleri dokalýar. Taýýar halylar we palas önümleri ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki “Arzuw haly” haryt nyşanly dükanlarynyň üsti bilen alyjylarymyza hödürlenilýär. Bu önümçilik kärhanasynda ýörite buýurmalar arkaly dürli ölçegdäki, dürli reňkli we nagyşly halylar hem dokalýar.
Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurt bazarlarynda-da barha giň orun alýandygy juda guwandyryjydyr.
Jemal MAWYÝEWA.