merw.news – Täzelikler Portaly
weather mary 18° C Mary
weather mary 18° C Mary

50
50 08.01.2026
Tejribeli  tälimçiniň  yhlasy

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler bitirilýär. Şeýle işleriň netijesinde Türkmenistanyň halkara sport abraýy ýokarlanýar. Indi türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanýan uly üstünlikleri il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Munuň özi ýurdumyzda sporty ösdürmekde ýetilýän belent sepgitlere şaýatlyk edýär. Türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda şowly çykyş etmeklerine saldamly goşant goşýan tejribeli tälimçileriň birem Ahmet Hanowdyr. Ol Mary şäherindäki köpugurly sport toplumynda ýaşlara el söweşi boýunça tälim berip, olaryň diňe bir welaýat we döwlet derejesindäki ýaryşlarda däl, eýsem, halkara ýaryşlarynda-da ýokary görkezijileri gazanmaklarynda uly işleri bitirýär. Ezber tälimçi indi on ýyldan gowrak wagt bäri türgenlere el söweşi boýunça tälim berip gelýär.  — Hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmekdäki tagallalary ýerine düşýär. Bu hakykata türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerem güwä geçýär. Sportuň islendik görnüşem erjelligi, dogumlylygy we tutanýerliligi talap edýär welin, el söweşi boýunça meşgullanmakda ýokardaky ýatlanlarym has-da zerur. El söweşinde ýeňiş gazanmak üçin ykjam taplanmaly. Çalasyn, takyk hereketiň ýeňşe çäksiz ynamyň bilen utgaşmaly — diýip, ezber tälimçi Ahmet Hanow gürrüň berýär.  Tejribeli tälimçi Ahmet Hanow Türkmenistanyň Hanmungo Söweş Sungaty Federasiýasynyň tälimçisi bolmak bilen, ol Türkmenistanyň ýygyndy toparynyňam tälimçisidir. 2024-nji ýylda Özbegistan döwletiniň Daşkent şäherinde geçirilen halkara ýygnagynda Ahmede dünýä eminliginiň 2-nji derejesi berilýär. Şeýle ynam tötänden däldir. Çünki, tejribeli tälimçiniň türgenleri dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda şowly çykyş edip, Türkmenistanyň sport abraýyna abraý goşýarlar. 2024-nji ýylyň awgust aýynda Gyrgyzystanyň Çolpan-ata şäherinde 15 döwletiň türgenleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda bu tälimçiniň türgenleri Mustafa Soltanow, Arslan Mommadow, Amangeldi Garabekow dagylar 2-nji orna, Umyt Muhammetgeldiýew bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. 2024-nji ýylyň oktýabrynda 45 döwletiň gatnaşmagynda Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda A.Hanowyň türgenleri 3-nji orny eýelemegi başardylar. 2025-nji ýylyň aprelinde Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen dünýäniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda A.Hanowyň türgenleri Gulmyrat Mommadow, Kuwwat Ataýew 3-nji orny eýeleseler, şol ýylda Gyrgyzystanyň Çolpan-ata şäherinde 35 döwletiň gatnaşmagynda geçirilen halkara ýaryşynda bu tälimçiniň türgeni Amangeldi Garabekow 1-nji orna mynasyp boldy. Şeýle hem A.Hanowyň türgenleri Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen dostluk kubogy ugrundaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandylar. 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Taýland patyşalygynyň Paýa şäherinde 35 döwletiň gatnaşmagynda geçirilen Aziýa çempionatynda tejribeli tälimçiniň türgeni Amangeldi Garabekow 1-nji orny eýelemegi başardy. Şu günler tälimçi A.Hanow türgenlerini degişlilikde geljek ýylyň fewral we oktýabr aýlarynda Germaniýa we Türkiýe döwletlerinde geçiriljek Ýewropa çempionatyna we halkara ýaryşyna taýýarlaýar. Bizem ezber tälimçi Ahmet Hanowa we türgenlerine uly üstünlikleri arzuw edýäris. Galina RAHIMOWA.  

85
85 26.12.2025
Ýürekden bir sözüm bar

Ejegyz Ýalkanowa, Mary şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň küşt boýunça tälimçi-mugallymy: – Garaşsyz Diýarymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Meniň üçin hem bu ýyl ýatdan çykmajak wakalara beslenen ýyllaryň biri boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda maňa hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Prezidentimiziň elinden 70 000 manat möçberde pul baýragyny almak diýseň uly bagt. Ýurdumyzda türkmen sportuny ösdürmekde ençeme işleriň ýola goýulýandygyny uly buýsanç bilen bellemek bolýar. Biz, tälimçiler hem yhlasymyzy gaýgyrman ata Watanymyzyň sport abraýyny göterip, türkmen Tuguny belentde pasyrdatjak ussat türgenlerini ýetişdirýäris. Biziň alyp barýan işimize ýokary baha berlip, Şa serpaýynyň gowşurylmagy meni, maşgalamy hem-de kärdeşlerimi diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Munuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymy aýdýaryn. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

72
72 20.12.2025
Kalbym buýsançdan doly

Hurma ABDYÝEWA. Ýolöten etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni: — Men okuwçy wagtymdan bäri sportuň jiu-jitsu, sambo görnüşleri boýunça tälim alyp başladym. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Azat Akmyradowdan göreşmegiň inçe usullaryny öwrendim. Tälimçimiň ýardamy bilen dürli ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Etrap, welaýat, döwlet derejesinde gazanan üstünliklerimiň netijesinde halkara derejesinde geçirilen ýaryşlara- -da gatnaşmaga pursat boldy. Halkara ýaryşlarynda-da gazanan her bir ýeňşim meni, tälimçimi, maşgala agzalarymy, dost-ýarlarymy diýseň begendirdi.  Türkmen sportunyň at-abraýynyň arşa göterilmeginde şahsy goşandymyzy görkezýän biz — türgenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly goldawyna mynasyp bolýarys. Ýyllar boýunça gazanylan üstünliklerim bu günki gün meni hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna eýe bolmagyma getirdi. 2025-nji ýylyň awtoulagy bolan, ak reňkli “Toyota Camry HEV 2.5L” kysymly awtoulagyň açaryny hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gowşurmagy meni örän tolgundyrdy, täze maksatlara has-da ruhlandyrdy.  Türkmen türgenlerine sport äleminde uly üstünlikleri gazanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özümiň hem-de maşgalamyň adyndan çäksiz sagbolsunymy aýdýaryn.

81
81 20.12.2025
Çaga göwnüm galkyndy

Anna ÇARYÝEWA. Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň okuwçysy, küşt boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni: — Men 4 ýaşymdan bäri küşt bilen meşgullanyp, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowadan tälim alýaryn. Ýurdumyzyň sport abraýyny ýokarlandyrmakda öz şahsy goşandymy goşmak üçin irginsiz türgenleşik okuwlaryna gatnaýaryn. Tälimçimden küştüň ähli ugurlaryndan göçümleriň inçe syrlaryny öwrendim. Ejegyz mugallymyň maňa berýän her bir maslahatyndan peýdalanyp, garşydaşymy utmagy başarýaryn. Elbetde, utulýan ýerlerimem bolýar, ýöne soňky wagtda yhlasly türgenleşmegim meni diňe ýeňişe eltýär.  Men ilki sport mekdepde geçirilýän ýaryşlara gatnaşdym. Soňra şäher, welaýat, döwlet derejelerinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp başladym. Her bir ýaryşda gazanýan tejribäm hem üstünligim daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik döretdi. Şeýlelikde birnäçe gezek halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara eýe boldum. Şeýle yhlasly ýeňişlerim maňa uly bagt getirdi. Has takygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna — 40 000 manat pul baýragyna mynasyp bolmagym meni hem meniň maşgalamy diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Gazanan üstünliklerimize guwanyp, bize serpaý ýapan Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymy aýdýaryn.   

74
74 09.12.2025
Pälwanlaryň üstünligi

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde guwançly sepgitlere eýe bolunýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, türgeleriň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmaga ähli mümkinçilikler bar. Muňa biziň sport mekdebimizde bitirilýän işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.  Mekdebimizde men ýaş türgenleriň ençemesine erkin göreş boýunça tälim berip, olaryň dürli ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelemekleri ugrunda aladalanýaryn. Şeýle yhlas-tagallam ýerine-de düşýär. Golaýda erkin göreş boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşda türgenlerimiz Serdar Orazow, Eziz Şageldiýew degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Şu günler bolsa türgenlerimiz ýakyn wagtlarda geçiriljek welaýatyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşa ykjam taýýarlyk görýärler. Şu günlerki yzygiderli türgenleşiklerimiz öňde durýan ýaryşda-da şowly çykyşlara ynam döredýär. Abdyresul NEPESOW.

83
83 10.11.2025
Mary welaýatynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi

      Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öňe sürýän sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak,sporty giňden wagyz etmekde. Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çärä köp sanly sport türgenleri, Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek barada amala aşyrýan işleriniň çäginde, ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem yzygiderli sport ýaryşlary geçirilýär. Mary Şäherindäki 8-nji sport mekdebinde  Taekwon-do WT bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen Sportuň Teakwon-do, ITF görnüşi boýunça  Mary welaýatynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türgenler ýaş aýratynlyklaryna görä dürli agram derejelerinde özara bäsleşdiler. Ýaryşda welaýatyň etrapdyr şäherlerinden gelen türgenler öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler. Dartgynly häsiýet mahsus bolan bu ýaryş has ussat we erjel türgenleriň birnäçesini ýüze çykardy. Suwhan Kulyýew.

107
107 06.11.2025
Barha  rowaçlanýar

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen sporty barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda türkmen türgenleriniň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär, sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle-de, kiçi ýaşly çagalary sporta çekmekde taýsyz tagallalar edilýär. Türkmen sportunyň halkara abraýynyň ýylsaýyn belende galýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Ýaş, ezber türgenlerimize döwlet derejesindäki ýaryşlar bilen bir hatarda halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara hem gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Olar hem şeýle amatly şertlerden peýdalanyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanyp, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladýarlar. Munuň özi ýurdumyzda sportuň has-da ösmegi ugrunda döredilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmen sportunyň gülläp ösmeginde, onuň at-owazasynyň bütin dünýä ýaýramagynda ençeme beýik işleri amala aşyrýan  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly   Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz  çäksizdir. Begenç AMANOW.

296
296 29.10.2025
Agyr atletika boýunça ýaryş geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýeläp ýetişdirmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek  maksady bilen geçirilýän sport çäreleri Mary welaýatynda-da giň gerime eýe bolýar. Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň gurnamagynda sportuň Agyr atletika görnüşi boýunça geçirilen ýaryşam diýseň çekeleşikli boldy. Welaýatyň Sakarçäge etrabynyň 2-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşyň dowamynda ýaş türgenler dürli agram derejelerinde güýç synanyşdylar. Ýokary ruhubelentlik bilen geçirilen ýaryşda ussat türgenler öňe saýlandylar. Toýmyrat Gurbanow

1247
1247 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1022
1022 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1290
1290 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1179
1179 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1169
1169 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1302
1302 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

978
978 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1173
1173 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.