“Halkara parahatçylyk we ýnanyşmak” ýylynda döwletimizde giňden toýlanylýan şanly senäniň – Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň baýramçylygy Mary welaýatynda-da belent toý tutumlary bilen hem-de ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi. Dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň we döwletleriň arasynda dost – doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine, jebisleşmegine itergi beren hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramçylygynyň dabaralary ir säher bilen welaýatyň merkezi Mary şäheriniň iň bir gözel künjegi bolan baş Baýdak meýdançasyndaky dabaralardan başlandy. Bu ýerde döwlet Senamyzyň dabaraly ýerine ýetirilmeginde mukaddes döwlet Baýdagymyz ýokary galdyrylýar. Mary welaýat we Mary şäher häkimlikleriniň, welaýat Zenanlar bölüminiň, Demokratik we Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş bilim, Medeniýet we Saglygy goraýyş müdirlikleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen göwün göteriji dabarada eziz Watanymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli mähirli gutlag sözleri aýdylyp, bu gün parahatçylygyň, halklar arasyndaky ylalaşygyň, raýdaşlygyň merkezine öwrülen Türkmenistan döwletimizi bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykarýan, halkymyzy has rowaç, has eşretli durmuşa alyp barýan Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri beýan edildi. Tutuşlygyna toý - baýramçylyga beslenen meýdançanyň daş-töweregini bezäp duran ýaşyl baýdaklarymyz döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, nurana geljegini alamatlandyryp, al-asmanda pasyrdaýar. Baş Baýdak meýdançasynda welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň şu şanly sene mynasybetli ýörite taýýarlan çykyşynyň ýaýbaňlandyrylmagy baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussatlarynyň, welaýatyň birleşen tans toparlarynyň edebi – sazly çykyşy baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwşgün çaýdy. Welaýat Medeniýet müdirliginiň iň saýlama aýdym – saz we tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary, tanslary hemmeler tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Belent joşgun bilen ýerine ýetirilen aýdym – sazlarda, tanslarda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, milli buýsanjymyz bolan ýaşyl Tugumyz, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasaty, il-halk, döwlet hem bütin adazat bähbitli tutumly işleri joşgunly wasp edildi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary Bitarap Watanymyzy, Berkarar döwletimizi ösüşleriň batly gadamlary bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Parahat Gurbanow.








